Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 335 kilometrlik welosipedli ýörişe badalga berildi

15:1331.05.2024
0
11087

Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilýän 335 kilometrlik welosipoedli ýörişe badalga berildi. Bu ýöriş dört tapgyrdan ybarat bolar.

Ýörişe säher bilen Mary şäherinden badalga berildi. Oňa ýurduň Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatynda hem-de paýtagta wekilçilik edýän türgenleriň 53-si, tälimçileriň 7-si we welosipedlere ideg edýän hünärmenleriň bolsa 2-si gatnaşar. Has takygy, Ahal welaýaty bu ýörişe 4 türgen we bir tälimçi, ýurduň demirgazyk sebiti 7 türgen, 2 tälimçi we iki sany ideg ediji hünärmen, gündogar sebit 11 türgen, bir tälimçi bilen wekilçilik edýän bolsa, paýtagtymyzdan gatnaşýan türgenleriň sany 31-e, tälimçiler bolsa 3-e ýetýär. Şu gezekki ýörişe Aşgabatdan sport ulgamynyň weterany, ömründe birnäçe gezek uzak aralyga geçirilen welosipedli ýörişlere, şol sanda 1981-nji ýylda Aşgabat ― Mary ― Aşgabat aralygyny welosipedde geçen, häzirki wagtda hem ýygy-ýygydan Gökdere jülgesinde uzak aralyga welosiped sürmek bilen meşgullanýan 59 ýaşly Serdar Atabaýew hem wekilçilik edýär.

Taryhy ýörişe gatnaşyjylar Mary şäherindäki badalgadan aýdym-sazly dabaralar bilen ugradyldy. Baharyň iň soňky gününiň ir säherinde başlanan ýörişiň ilkinji gününde onuň iň uzyn tapgyry ― 131 kilometr aralygy geçildi. Bu tapgyr günortanlar Babadaýhan etrabynyň çägindäki 239 belgili ýangyç guýujy bekediniň awtoduralgasynda tamamlandy. Bu ýerde taryhy ýörişe gatnaşyjylar aýdym-sazly dabaralar bilen garşylanyldy. Garşylanyş dabarasyndan soň ýörişe gatnaşyjylar bu ýerde ýörite guralan çadyrlarda dynç aldylar.

Ertir ýöriş ilkinji düşelgeden ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrundaky «Kerwensaraý» söwda we dynç alyş merkezine çenli bolan ikinji tapgyr bilen dowam eder. Bu tapgyryň uzynlygy 104 kilometr ýetýär. 2-nji iýunda bolsa olar bu ýerden Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki sport mekdebine çenli meýilleşdirilen üçünji tapgyrda welosiped sürerler. Ýoluň bu böleginiň uzynlygy 75 kilometrdir. Ýöriş 3-nji iýun güni şol sport mekdebinden paýatgtymyzdaky «Welosiped» binasyna çenli aralyga uzan 25 kilometrlik menzil bilen tamamlanar. Bu ýerden bolsa olar Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtda geçiriljek köpçülikleýin ýörişiň kerwenine goşularlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň