Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Flik «Barselonanyň» baş tälimçisi boldy

17:1329.05.2024
0
9994

Hans-Diter Flik "Barselonanyň" täze baş tälimçisi boldy. 59 ýaşly hünärmen katalon kluby bilen 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama gol çekdi.

Flikiň ýolbaşçylygynda "Bawariýa 2019-2021-nji ýyllar iki gezek Bundesligada ýeňiş gazandy, şeýle hem Germaniýanyň Kubogyny we Superkubogyny aldy. Şeýle hem ol mýunhen klubuna ýedi ýylda ilkinji gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandyryp berdi, ondan soňra, UEFA-nyň Superkubogyny we klublaýyn dünýä çempionatyny ýeňdi.

Flik 2021-2023-nji ýyllarda Germaniýanyň milli ýygyndysyna tälimçilik etdi. Germaniýa 2022-nji ýylyň Dünýä çempionatynda toparyndan çykyp bilmedi. Nemesleriň milli ýygyndysynyň geçiren alty sany duşuşygynda bir gezek ýeňiş gazanandan soň, Flik ýygyndyny terk etdi.

Flik "Barselonada" Hawiniň ornuna geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň