Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda tomus möwsümi üçin şypahanalara awtobus we täze içerki howa gatnawlary ýola goýuldy

21:2101.06.2024
0
9664

31-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň tomus möwsüminde gözegçilik edýän düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek üçin degişli işler geçirilýär. “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça hem-de “Bagabat”, “Arçman”, “Mollagara”, “Farap”, “Baýramaly” şypahanalaryna yzygiderli awtobus gatnawy, şeýle-de “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Halkara howa menzilleri ýerüsti tehnikalar we awtoulaglar bilen doly üpjün edilip, Mary — Türkmenbaşy — Mary, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugurlary boýunça täze howa gatnawlary ýola goýuldy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalara degişli gämileriň we tehnikalaryň möwsümleýin tehniki ýagdaýyna zerur taýýarlyk işleri geçirildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan hem ilaty ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin degişli işler geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tomus möwsüminde ulaglaryň ähli görnüşiniň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň, raýatlaryň şypahanalara we sagaldyş merkezlerine barmagy üçin ulag gatnawlarynyň sanyny artdyrmagyň, ulaglaryň kadaly işlemegini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň