Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorka iş saparyny tamamlap, Türkmenistanly žurnalistler «Serhetsiz Hazar» bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp boldular, «Altyn Asyr» we «Merw» AFK kubogynda çykyşlaryna başlaýarlar we beýleki habarlar

12:5121.09.2023
0
41163

Türkmenistan

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda saparda bolmagynyň çäginde «Metropoliten» sungat muzeýinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi mynasybetli ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan guralan resmi kabul edişlige gatnaşdy. Resmi kabul edişlik hem-de Nýu-Ýorka iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Türkmenistana ugrady. Aşgabada çenli köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, Prezidentiň uçary paýtagtyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowy ýurduň resmi adamlary gül desseleri bilen mähirli garşyladylar.Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidenti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden taryhy çykyşynyň giň goldawa eýe bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

2. Aşgabat şäherindäki «Mekan» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi. Forum her ýylda däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda guraldy. Onuň işine birnäçe döwletlerde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly türkmenler hem-de ýurduň ähli welaýatlaryndan wekiliýetler gatnaşdylar. 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen birleşik ykbalyň emri bilen taryhy Watanyndan uzaklara düşen, emma ata-babalarynyň ýaşan topragyna we ruhy gymmatlyklaryna söýgüsini ýitirmedik türkmenleri jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly halkara gurama öwrüldi.

3. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli guralan ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň dowamynda Aşgabadyň Modeller öýi we öňdebaryjy dizaýnerler moda egin-eşikleriniň täze toplumlaryny görkezdiler. Ýaş türkmen dizaýnerleriniň egin-eşik toplumlary milli äheňleriň häzirki zaman däpler bilen utgaşdyrylmagy esasynda tapawutlanýarlar. Söwda-senagat edarasynyň münberinde uzyn agşamlyk köýnekler, nusgawy erkek lybaslary we çagalar üçin egin-eşikler görkezildi.

4. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde 26 – 29-njy oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Tourism Expo Japan 2023» halkara syýahatçylyk sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly wideoşekilli iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň wekilleri, şeýle hem hususy syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

5. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara aýdym-saz güni belleniler. Bu pursatdan peýdalanyp, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary 29-njy sentýabrda sagat 18:30-da Konserwatoriýanyň Uly zalynda geçiriljek nusgawy aýdym-saz konsertine çagyrylýar.

6. «Türkmenistan» gazetiniň işgärleri «Serhetsiz Hazar» atly halkara bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýlelikde, Aýgül Rahymowanyň «Arkalaşyk. Dostluk. Ýürekdeşlik» atly işi «Täzeçe garaýyş» ugry boýunça birinji orny eýeledi. Ilaman Çüriýewiň Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi baradaky suratlary «FotoHazar» ugry boýunça ikinji orny eýeledi. «Serhetsiz Hazar» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Astrahanda VIII Hazar mediaforumynyň çäklerinde geçirildi.

Dünýäde

7. «AirPods» simsiz gulaklyklary (nauşnikleri) aşgazanyň agressiw gurşawyna sezewar bolanda-da işlemäge ukyplydyr – Amerikanyň ýaşaýjysy Mo Kennedi uklap ýatyrka bu gulaklyklaryň birini tötänleýin ýuwudanda muňa göz ýetirdi. Ol gyz Kowtingtonyň Lukmançylyk merkeziniň gaýragoýulmasyz kömek bölüminde gije oýananda gulaklygy ýuwudandygyna düşünendigini habar berdi. Kennediniň ejesi hatda aşgazanda bolsa-da, bedeniň seslerini we gyzyň gülküsini henizem gowy eşitdirýän gulaklyga birikmegi başardy.

8. Daniýaly suratkeş-konseptualist Ýens Haaning muzeýe «Puly al we gaç» diýip atlandyran boş surat holstyny bermäge synanyşdy. Olborgdaky Kunsten häzirki zaman sungat muzeýi Haaninge täze konseptual suratlary döretmek üçin ýarym million Daniýa kronyny berdi. Muňa derek, suratkeş muzeýiň wekillerine «suratlar» hökmünde iki sany hiç hili reňk degirilmedik holsty sowgat etdi. Muzeýiň işgärleri döredijilige ýokary baha bermediler we puluň yzyna gaýtarylmagyny talap edip, suratkeşe garşy kazyýet işini açdylar.

Sport habarlary

9. Şu gün AFK kubogynyň Merkezi zolakdaky toparçalaýyn tapgyry başlaýar. «Altyn asyr» we «Merw» ähmiýeti boýunça Aziýanyň ikinji klub ýaryşyna gatnaşarlar. «E» toparçada türkmen futbolçylaryna Täjigistanyň «Rawşan» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparlary garşydaş bolarlar. Toparçalaýyn tapgyr 14-nji dekabrda tamamlanar. Diňe toparçanyň ýeňijisi ýaryşyň indiki tapgyryna çykar. Türkmen toparlarynyň gatnaşmagyndaky oýunlar Täjigistanyň «Futbol» sport teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

10. Ýüzüji Merdan Ataýew we dzýudoçy Maýsa Pardaýewa 23-nji sentýabrda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriljek XIX Tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň toparynyň baýdak göterijileri bolarlar. Bu barada türkmen wekiliýetiniň merkezinde geçirilen iş maslahatynda yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň