Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça iş saparyny amala aşyrdy

09:5321.09.2023
0
26409

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheri we Daşoguz welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy. Wise-premýer iş saparynyň dowamynda Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şanly Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, saparyň jemlerine bagyşlap, Daşoguz welaýatynda iş maslahatyny geçirdi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, wise-premýer Aşgabat şäheri boýunça iş saparynyň barşynda paýtagtyň seýilgähleriniň abadanlaşdyrylyşy, awtoduralgalaryň enjamlaşdyrylyşy, şäheriň şaýollarynyňdyr köçeleriniň ýagdaýy, ýol-ulag hojalygynyň işi, köçe-ýol belgileriniň hem-de çyzgylarynyň talabalaýyk ýerleşdirilişi bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň iş sapary Daşoguz welaýatynda dowam etdi. Wise-premýer sebitiň ähli düzümleriniň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň bökdençsiz energiýa üpjünçiliginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajyp wezipedigini aýtdy. Sebitiň önümçilik we durmuş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, Daşoguz döwlet elektrik bekediniň netijeli işini üpjün etmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr.

Wise-premýer welaýat häkimliginde Aşgabat şäheri we Daşoguz welaýaty boýunça iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň