Top.Mail.Ru

Wise-premýerler sebitlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar

13:5019.09.2023
0
33518

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, wise-premýerler N.Amannepesow we B.Atdaýew, ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, degişlilikde, Aşgabat şäherine we Lebap welaýatyna iş saparlaryny amala aşyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Wise-premýer N.Amannepesow saparynyň barşynda gözegçilik edýän düzümleriniň paýtagtda alyp barýan işleri we Aşgabat şäheriniň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesi bilen tanyşdy.

Hususan-da, wise-premýer Aşgabat şäherinde gurluşygy dowam edýän Halkara pediatriýa merkezinde, Halkara onkologiýa merkezinde, Halkara stomatologiýa merkezinde, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işleriň depgini, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk işleri, bilim ojaklarynda berilýän bilimiň derejesi, olarda daşary ýurt dillerini netijeli öwrenmek ugrunda döredilen mümkinçilikler, «Arçman» şypahanasynda degişli binalaryň durkuny täzelemek hem-de häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşdy.

Wise-premýer N.Amannepesow iş saparynyň jemini jemläp, Aşgabat şäher häkimliginde paýtagt şäheriň we onuň etraplarynyň häkimleriniň, şähere degişli ähli düzümleriň degişli ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda iş saparynyň netijeleri, hususan-da, Aşgabatdaky lukmançylyk edaralarynyň gurluşygynyň depgini, öňde boljak dünýä ýaryşlaryna taýýarlygyň derejesi we milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

***

18-nji sentýabrda wise-premýer B.Atdaýew hem özüniň gözegçilik edýän Lebap welaýatynda iş saparynda bolup, sebitde ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk toýuna taýýarlygyň derejesi, bu ýerde dürli ulgamlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Wise-premýer welaýatyň dürli künjeklerinde, şol sanda Türkmenabat şäherinde gözegçilik edýän düzümlerine degişli desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, dokma senagatynyň edaralarynyň iş depginleri, köpugurly bazarlaryň hem-de söwda merkezleriniň halka hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdy.

Iş saparynyň dowamynda wise-premýer Lebap welaýatynda, aýratyn-da, Türkmenabat şäherinde Garaşsyzlyk baýramyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda amala aşyrylýan işler, welaýatyň merkezi şäheriniň arassaçylyk we abadanlaşdyryş derejesi bilen aýratyn gyzyklandy.

Wise-premýeriň Lebap welaýat häkimliginde welaýatyň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we şanly baýramçylygy mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň