Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BAE Afrikada arassa energiýany ösdürmek üçin 4,5 milliard dollar bölüp bermekçi

17:5106.09.2023
0
30542

Birleşen Arap Emirlikleri Afrika ýurtlaryna arassa energiýa pudagyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin 4,5 milliard dollar bölüp bermegi meýilleşdirýär diýip, ýurduň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri hem-de «COP 28» -iň başlygy Sultan ben Ahmed al-Jaber Naýrobide geçen Afrikanyň howa sammitinde habar berdi. Bu barada «Report.az» neşiri ýazýar.

Ministriň sözlerine görä, taslamalar Abu-Dabini ösdürmek gaznasynyň, «Etihad Credit Insurance» eksport-karzlaşdyryş wekilhanasynyň, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýanyň dünýä bazarynda iň çalt ösýän «Masdar» we «AMEA Power» kompaniýalaryň hasabyna maliýeleşdiriler.

Al-Jaber öz ýurdunyň Afrika yklymynda ekologiýa taýdan arassa energiýa üçin maýa goýumlaryň işewürlik babatda maksadalaýyklygyny iş ýüzünde subut etmekçi bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň