Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rowachpack – türkmen öndürijisinden polipropilen gaplama rulon örtgileri

09:2524.08.2023
0
25321

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy «Rowachpack» haryt nyşany bilen polipropilenden taýýarlanan gaplama önümlerini, şol sanda azyk we azyk däl ürgün önümleri saklamak üçin rulon örtgüleri öndürýär.

Önümlere bolan isleg «Rowachpack» haryt nyşanynyň ýokary hili bilen üpjün edilýär. Kompaniýanyň önümleri diňe ýokary tehnologiýaly enjamlar arkaly diňe başlangyç (gaýtadan işlenilmedik) çig maldan taýýarlanylýar.

Polipropilen gaplar köptaraplylygy, çydamlylygy we işewürligiň talaplaryna uýgunlaşmak mümkinçiligi esasynda bazardaky iň meşhur materiallaryň biridir.

Örtgüler özboluşly plastik turbalar görnüşinde öndürilýär: alyjylar kesmek ýa-da seplemek arkaly olardan islendik uzynlygy ýa-da inini bolan torbalary döretmäge mümkinçilik alýarlar. Ýuka perde (plýonka) görnüşinde bolmagy örtginiň esasy aýratynlygy bolsa-da, bu materialyň başga-da möhüm artykmaçlyklary bar:

Öndürilýän «Rowachpack» örtgüsiniň görkezijileri:

  • ini 45 sm-den 78 sm-e çenli;
  • materialyň dykyzlygy 45 – 65±3 g/m2;
  • her rulonda bellik ýerleşdirilýär: agramy we uzynlygy görkezilýär.

Bu polipropilen materialyň ulanyş gerimi giňdir. Köplenç PP örtgi ürgün harytlar üçin torba taýýarlamak üçin ulanylýar, emma bu onuň halk hojalygynda isleg bildirilýän ýeke-täk ugry däldir. Gurluşyk pudagynda keramzit, çäge we hek haltalara gaplanýar. Azyk senagatynda haltalar şeker, un, galla gaplamak üçin ulanylýar. Polipropilen matasy örtük materialy hökmünde ulanylýar, eger PP-niň esasyna laminasiýa gatlagy goşulsa, ony suw geçirmeýän gatlak hökmünde ulanylmak mümkindir.

Bu material himiki serişdeler bilen reaksiýa girmeýär. Matanyň esasy artykmaçlygy çydamlylygydyr. Polipropilen örtgüden taýýarlanan haltalarda gapdal tikinler bolmaýar, ony kesmek aňsatdyr. Polipropilen örtgüden öndürilen önümleriň özüne düşýän gymmaty pes bolýar: tygşytly gaplama öndürijileriň köpüsine gerek. Torbalaryň arzanlygy olaryň köp halatlarda bir gezeklik ulanylmagyny üpjün edýär. Beýleki gaplaýyş materiallaryndan tapawutlylykda, polipropilen çyglylyga sezewar bolanda çüýremeýär we dürli täsirlere çydamlydyr.

Şeýle hem «Rowachlan Galkynysh» kompaniýasy müşderiniň isleglerini, hususan-da önümiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, sargytlary ýerine ýetirýär.

Eger-de siz ýokary hilli we tygşytly «Rowachpack» plýonka-örtgüsini lomaý satyn almak isleseňiz, öndürijiden sargyt ediň.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň wekilleri bilen telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 62) 29 29 69 (ykjam), (+993 12) 29 29 69 (şäher) ýa-da e-mail salgysyna ýüz tutup bilersiňiz: rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Wideo: Rowachpak polipropilen haltalary nähili öndürilýär?

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň