Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi Awazada sport çärelerine gatnaşýarlar

23:4513.08.2023
0
30806

Şu günler Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi zähmet rugsadynda bolmak bilen, dürli sport çärelerine gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýarlar.

Şeýle dynç alyş günleriniň birinde ýolbaşçy düzümi bu ýerde guralan welosipedli ýörişe çykdylar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, şunuň ýaly çäreler ynsan saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam berýär, şeýle hem sagaldyş we terbiýeçilik ähmiýeti bilen bir hatarda, dynç almagy wagyz ediş wezipeler bilen utgaşdyryp, aýratyn ruhubelentlik güýjüni berýär.

Mälim bolşy ýaly, welosipedli ýörişler dünýäniň dürli ýurtlarynda durmuş, sport we ekologiýa taslamalaryny hem-de başlangyçlary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň