Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh» kärhanasy önümçiligini giňeltmegi we eksportyny artdyrmagy maksat edinýär

11:0110.08.2023
0
39966

2010-njy ýylda esaslandyrylan «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy ürgün we ürgün däl önümleri saklamak üçin niýetlenen polipropilenden dokalan haltalary we rulonlary eksport edýän türkmen kärhanalarynyň öňdebaryjylarynyň biridir.

«Rowachpack» brendli önümler ilkibaşda eksporta gönükdirilen, ýokary tehnologiýaly enjamlary we iň täze tehnologiýalary ulanyp diňe ilkinji çig maldan öndürilýär. Kompaniýanyň önümleriniň hili ISO9001 şahadatnamasy, şeýle hem döwlet edaralary tarapyndan dürli baýraklar bilen sylaglandy.

Polipropilen önümlerini öndürýän zawod 44800 inedördül metr meýdany tutýar. Bu ýerde 200-den gowrak işgär, şol sanda 150 hünär taýdan taýýarlykly tehniki hünärmen işleýär. Zawod konweýeri her aýda 500 tonna ýokary hilli önüm öndürýär, senagat çig maly hökmünde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri hyzmat edýär. Polipropilen haltalaryň kuwwatlylygy 20 kg-dan 1 tonna çenlidir (uly sumkalar).

Täze zawodyň gurluşygynyň dowam etdirilmegi onuň önümçilik kuwwatyny, önümleriň görnüşini artdyrar, şeýle hem polipropilen haltalara fleksografiýa we logo çap etmek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçiligi ýokarlandyrar.

«Rowachpack» polipropilen gaplama önümleriniň eksportynyň geografiýasy — Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlary. Ýakyn geljekde bolsa önümleri Ýewropa we Günorta Amerika ýurtlaryna ibermek meýilleşdirilýär. Kärhana ähli gyzyklanýan taraplar bilen özara bähbitli işewürlik hyzmatdaşlygy üçin açykdyr.

«Rowachlan Galkynysh» maksady — dünýä bazarynda ygtybarly we ynamdar bolan uzak möhletli gatnaşyklary gurmak, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we işiň täze geljegi uly ugurlaryny ösdürmek, milli we halkara ülňülerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň hasabyna täze sarp edijileri çekmek hem-de kompaniýanyň abraýyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasynyň wekilleri bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 62) 29 29 69 (jübi telefony), (+993 12) 29 29 69 (şäher telefony); Elektron poçta sagysy: rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň