Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda howanyň gyzmagy dowam eder

11:2507.08.2023
0
76951

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurtda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän habara görä, ýurduň käbir sebitlerinde +42 gradusa çenli yssy bolar.

Has dogrusy, Balkan welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradusdan +37... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar.

Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23... +25 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +37 gradusdan +39... +41 gradus aralygynda yssy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň