23-nji iýulda «Türkmenhowaýollarynyň» akylly elektronika, egin-eşik we beýleki harytlary alyp barýan ýük uçary Şençžen-Baoan halkara howa menzilinden Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada uçdy.
Bu uçuş Uly aýlag sebitinden Türkmenistana howa arkaly ilkinji göni halkara ýük ugrunyň resmi açylyşyny alamatlandyrdy diýip, «CGTN» halkara teleýaýlymy ýazýar.
Şeýle-de bu gatnaw Şençžen şäherinden ilkinji Merkezi Aziýa ugry bolup durýar. Bu ýoluň açylmagynyň Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdany hasam ösdürmegine garaşylýar.
Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasy iýul aýynda iki sany täze ugra — Milana, Italiýa we Hytaýyň Şençžen şäherine ýük daşamaga başlajakdygyny habar beripdi. Uçuşlar hepdede bir gezek «Airbus A330-200 P2F» ýük uçary bilen amala aşyrylar.