Hytaýyň günorta-gündogar kenarýakasynda 230 müň adam güýçli «Talim» deňiz harasaty sebäpli göçürildi diýip, BBC habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» habar berýär.
Hepdäniň duşenbe güni Guandun ülkesine aralaşan tupan wagtynda şemalyň tizligi 140 km/sag. ýetdi. Sebitde uçar gatnawlary ýatyryldy, otlularyň hereketi saklandy. Güýçli ýel agaçlary köki bilen gopardy, ulaglara zeper ýetdi.
Sişenbede harasat goňşy Guandi ülkesine ýetende, biraz köşeşdi, gyssagly gulluklar uzak gün adamlara kömek etdiler, ýollary zibilden arassaladylar.
Tupan Hytaýda synlamalaryň bütin taryhynda iň ýokary derejede – 52,2 gradus yssy howa hasaba alnandan soň geldi.