ÝHHG-niň merkezi Türkmenistanyň teleýaýlymlarynyň işgärleri üçin okuwlary gurady

09:3218.09.2015
0
2537

Telewizion habarlar gepleşiklerini taýýarlamagyň endikleri baradaky mesele şu gün Aşgabatda tamamlanýan okuwlara gatnaşýanlaryň üns merkezinde boldy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guran dört günlük çäresine ýurduň dürli teleýaýlymlaryndan 20 işgär gatnaşdy. Olaryň arasynda redaktorlar, habarçylar, operatorlar we montažçylar bar. Okuwlar öz öňünde oňa gatnaşyjylaryň telewizion habarlar gepleşiklerini taýýarlamagyň häzirki zaman usullary baradaky bilimlerini kämilleşdirmegi maksat edip goýdy.

Iki halkara bilermeni telewizion žurnalistikanyň dürli mekdeplerine wekilçilik etdi. Şunlukda, telereportažlary guramaga çemeleşmäge, söhbetdeşligi alyp barmagyň tehnikasyna we tekst ýazmaga, şeýle hem surata düşürýän topar tarapyndan ulanylýan enjamlaryň ulanylyşyna, surata düşürmegiň ugur-ýollaryna we reportažlary montaž etmäge degişli meselelere garalyp geçildi.

“Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täze görnüşleriniň-de okgunly ösýändigine garamazdan, telewideniýe öňküsi ýaly tomaşaçylaryň agramly bölegini özüne çekýär — diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutanynyň wezipesini ýerine ýetirýän Riçard Ýiler belläp geçdi. — Täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy telewideniýäniň işine hem täzelikleri girizmegi, şol sanda telewideniýäniň işgärlerinden döwür bilen aýakdaş gitmäge we öz endiklerini hemişe kämilleşdirip durmagy talap edýär. Bu okuwlar Türkmenistanyň teleýaýlymlarynyň işgärleriniň, surata düşürýän toparlaryň döwrüň talaplaryny we tomaşaçylaryň isleglerini ödeýän habarlar gepleşiklerini taýýarlamaklarynda hünär mümkinçiliklerini ýokarlandyrar diýip tama edýäris”.

Okuwlara gatnaşyjylar habarlar gepleşiklerini guramaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we gysgajyk telereportažlary surata düşürmäge, olary montaž etmäge mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da olar telerepartýor bilen operatoryň arasyndaky özara sazlaşykly işe garap geçdiler, şeýle hem häzirki zaman dünýäsinde telewizion täzelikleriň tutýan orny baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň