Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek üçin Astrahanda saparda bolar

16:5218.04.2024
0
13092

Sişenbe güni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitindäki konsuly Gadam Ilamanow Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri W.Golowkow bilen duşuşdy.

Türkmen konsullygynyň resmi saýtynda habar berlişine görä, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Astrahanda geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu çärelere Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň wekiliýetiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Çeşmäniň bellemegine görä, degişli türkmen wekiliýeti eýýäm indiki hepdede Astrahan sebitine sapar bilen barar. Saparyň dowamynda köp sanly medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň