Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýanwar-maý aýlarynda türkmen-özbek özara söwda dolanyşygynyň möçberi 360 million dollardan geçdi

10:4803.07.2023
0
20509

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika gullugynyň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,5 göterim ýokarlanyp, 363,5 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu barada «Ýangi Ozbekiston» gazetinde habar berildi.

Maglumata laýyklykda, maý aýynyň jemi boýunça Özbegistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen alyp barýan daşary söwdasynyň mukdary 8,5 göterim ýokarlanyp, 3 milliard dollara ýetdi. Munuň özi ýurduň umumy daşary söwdasynyň 11,6 göterimini düzýär diýip, çeşme belleýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary babatda Özbegistanyň daşary söwdasynyň görkezijileri:

- Gazagystan bilen söwda — 1,9 milliard dollar (10,4 göterim ösüş), şolardan 576,7 million dollary eksportyň, 1,4 million dollary importyň paýyna düşýär;

- Gyrgyzystan bilen söwda — 418,9 million dollar, şolardan 306,0 million dollary — eksporta, 112,9 million dollary — importa degişli;

- Türkmenistan bilen söwda — 363,5 million dollar (3,5 göterim ösüş), 64,4 million dollary — eksporta, 299,1 million dollary — importa degişli;

- Täjigistan bilen söwda — 287,6 million dollar (29,2 göterim ösüş), eksport — 235,3 million dollara, import — 52,3 million dollara barabar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň