Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik hem-de hyzmat ediş binalarynyň, desgalarynyň gurluşyk işlerini 2023 — 2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek, klaster taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Resminama bilen, degişli düzümlere azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalarydyr desgalary gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutany bu resminama hem şu gün Arkadag şäherinde geçirilen Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Mejlisiň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli düzümlerinde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde işlenip taýýarlanylan dürli önümleriň sergisini synlady. Bu ýerde «Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy işleriň ýygyndysy, polipropilenden we polietilenden taýýarlanylan sanjym serişdeleriniň birnäçe görnüşleri-de görkezildi.
Sergide Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan önümlere aýratyn orun berildi. Buýan köküniň we üzärlik tohumynyň gaýtadan işlenilmegi bilen alnan önümler, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň galyndysyndan nahar duzunyň alynmagynyň tehnologiýasy baradaky maglumatlar ýurduň ýaş alymlarynyň öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary edýändigini görkezýär.
Döwlet Baştutany sergi bilen tanşyp, ýurtda bar bolan çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň, dermanlyk serişdeleriň işjeň ulanylmagy, bu ugra degişli önümçiligiň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, ylmy işläp taýýarlamalaryň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň bu ugra gönükdirilmeginiň wajypdygyny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow täze ylmy açyşlaryň, öňe sürülýän teklipleriň içgin öwrenilmelidigini, olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Bellenilişi ýaly, bularyň ählisi diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga-da ýardam eder.
Takmynan, 70 müň çemesi ilaty boljak Arkadag şäheri ýurduň paýtagtyndan 30 kilometr günorta-günbatarda 950 gektar meýdanda gurulýar. Bu ýerde smartfonlar arkaly dolandyryljak «akylly» ýaşaýyş jaýlary, baýdak meýdançasy, häkimligiň binasy we beýleki edaralar guruldy.
Bu mega-taslamanyň gurluşygy 2019-njy ýylda başlandy.
2023-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň täze Kanuny güýje girip, oňa laýyklykda Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen ýörite hukuk statusy berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, şäheriň açylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda bolar.