Turkmenportal logo
24.03.23
4608446084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherine kanuny taýdan ýörite hukuk ýagdaýy berildi
Arkadag şäherine kanuny taýdan ýörite hukuk ýagdaýy berildi

Şu gün Türkmenistanyň «Arkadag şäheri hakynda» täze Kanuny güýje girdi. Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär.


Täze Kanuna laýyklykda, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri üçin ýörite hukuk ýagdaýy döredildi.


Şäheriň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.


Täze Kanun bilen «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda tanşyp bilersiňiz.