Top.Mail.Ru

«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

10:1116.06.2023
0
20988

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalda türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyna degişli ylmy gözlegleriň täze açyşlaryny hem-de netijelerini öwrenmäge bagyşlanan makalalar giň okyjylar köpçüligine hödürlenilýär.

Žurnalyň şu sany Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Gutlaglary bilen açylýar. «Açyşlar we täze işläp düzmeler» bölümindäki «Oguz toparyndaky türki dilleriň ylmy esasda deňeşdirilip öwrenilişi» atly makalada günorta-günbatar toparynyň türki diliniň dil aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy işlere we monografiýalara syn berilýär. Türkmen alymlarynyň işlerinde Oguz toparyndaky häzirki zaman dilleri, grammatik kadalaryň umumylygy we aýratynlygy, gelip çykyşy, ösüşi öwrenilip, möhüm ylmy netijeler çykarylypdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

«Türkmen alabaýynyň täze tapylan taryhy yzlary» atly makalada soňky ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Paryzdepe, Daňdanakan, Ýasydepe, Şähryslam, Şährihaýbar ýadygärliklerinde we beýleki ýerlerde türkmen alabaýynyň laýdan, faýansdan ýasalan heýkeljikleriniň tapylandygy hakynda aýdylýar.

«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölüminde ýerleşdirilen «Magtymgulynyň şygyrlary türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhynda» atly makalada Pyragynyň Hindistana bagyşlap ýazan şygyrlary öwrenilýär. Şeýle hem bu bölümde «Zöhre-Tahyr» sýužetiniň Stawropol nusgasy» atly makala okyjylara hödürlenilýär.

Muzeý we arhiw gymmatlyklarynyň köp sanly suratlary türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen makalalary has-da baýlaşdyrypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň