Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalyna badalga berildi

21:1913.06.2023
0
34952

Şu gün Günüň ýaşyp gelýän çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky interaktiw suw çüwdürimli seýilgähde «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly öz işine başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti elektron neşirinde habar berildi.

Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda festiwalyň ýörişine gatnaşyjylaryň öňünde türkmenistanly körpeler «Küştdepdi» tansyny we aýdymyny ýerine ýetirdiler. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Festiwalyň birinji gününiň meýilnamasyna laýyklykda, ilki bilen oňa gatnaşyjy folklor we tans toparlary bilelikde «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýasyny ýerine ýetirdiler.

Halkara festiwala Türkmenistanyň birnäçe tans we folklor toparlary bilen birlikde, Russiýanyň Garri Polewoý adyndaky «Ogonki» rus tans topary, Gazagystanyň «Žorga» we «Aktau sazy» halk folklor toparlary, Täjigistanyň «Lola» tans we folklor topary, Rumyniýanyň «Transilwaniýa» folklor topary, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Riwaýat», Eýranyň «Zendegi Mazandaran» tans we aýdym-saz topary, Hindistanyň «Bihu» folklor we tans topary, Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň medeniýet, sungat we syýahatçylyk mekdebiniň tans topary, Özbegistanyň «Parwoz» hem-de «Bogdon» halk aýdym we tans toparlary gatnaşýarlar.

Ýeri gelende bellesek, medeni çäräniň çäklerinde «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, festiwala gatnaşýan türkmenistanly hem-de daşary ýurtly tans we folklor toparlarynyň konsertiniň, daşary ýurtly tans goýujylaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygynyň we ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi, şeýle-de myhmanlaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrylmagy we Awaza derýasynda gämili gezelenç etmekleri meýilleşdirilýär.

Fotoreportaž: «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasyndan fotoreportaž

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň