Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Öz hünäriniň ussady» atly yglan eden bäsleşiginiň netijelerini jemledi.
Hünär ussatlygynyň bäsleşigi «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň, şeýle-de agentlige degişli — «Türkmentelekom», «Türkmenpoçta», «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ hem-de «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň hünärmenleriniň arasynda geçirildi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar milli ykydsadyýetiň dürli ugurlaryna degişli innowasion taslamalaryny görkezdiler, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak we telekommunikasiýa hyzmatlary çygrynda gazananlaryny tanyşdyrdylar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamynda hereket edýän kanunçylyk, hukuk ýagdaýlary hem-de düzgünler bilen bagly bilimlerini mälim etdiler.
Ýeňiji bolanlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.