Top.Mail.Ru

Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy «Dünýä ýaň salýan Magtymguly» atly maslahat geçirdi

15:4912.06.2023
0
34237

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. 8 — 10-njy iýun aralygynda guralan çäräniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynyň Buhara lukmançylyk institutynda «Dünýä ýaň salýan Magtymguly» atly maslahat geçirildi.

Dabaraly çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Mämmedow bilen bir hatarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleradioýaýlymynyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet gatnaşdy.

Özbek tarapyndan dabara Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynyň häkimi B.Zaripow, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy G.Awezdurdyýewa, Respublika Türkmen medeniýet merkeziniň Buhara welaýatyndaky bölüminiň ýolbaşçysy O.Rahmatow, Buhara welaýatyň çäginde ýerleşýän ýokary okuw jaýlarynyň magtymgulyşynas professor mugallymlary we türkmen talyplary hem-de türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda ilçi Ý.Mämmedow häzirki wagtda Türkmenistanda, türkmen edebiýatynda çuňňur yz galdyryp, ony dünýä tanadan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek bilen baglanyşykly halkara derejede taýýarlyk görmek işleriň hem giň gerimde alnyp barylýandygyny belledi. Onyň çäklerinde bolsa Özbegistan Respublikasynda hem birnäçe çäreleriň ýagny, 2023-nji ýylyň 15-nji martynda Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynyň «Uly howly» taryhy ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen-özbek Dostluk öýünde» «Magtymguly Pyragy — türkmen-özbek dostluk köprüsi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilendigini belledi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň bilim alan ýerleriniň biri hasaplanylýan gadymy Buhara şäherinde geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat şeýle dabaraly çäreleriň üstüni ýetirýändigi barada durup geçdi.

Soňra Buhara welaýatynyň häkimi B.Zaripow köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy iki ýurdyň döwlet ýolbaşçylarynyň taýsyz tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Buhara welaýatynda geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahat meşhur söz ussady Magtymguly Pyragynyň belent ynsanperwer taglymatlara ýugrulan döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygyny tassyklaýandygyny nygtady.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden magtymgulyşynas alymlar we döredijilik işgärleri iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk, ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Şol bir wagtda, Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleriň we bu ugurdaky ylmy gözlegleriň netijeleri barada jikme-jik durup geçdiler. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň döreden şygyrlarynyň diňe bir türkmen edebiýatynda şöhlelendirilmän, eýsem dünýäniň köp halklarynyň dillerine terjime edilendigini, esasan hem özbek diline has köp terjime edilendigi bellenilip geçildi.

Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Buhara şäheriniň çäginde ýerleşýän «Gadymy şäher» ýadygärlikler toplumyna we ol ýerde ýerleşen Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gögeldaş medresesine hem-de beýleki taryhy ýadygärliklere aýlandylar, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ýaşan, bilim alan otaglary bilen tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň