Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň müftüsi RF-iň musulmanlarynyň Merkezi dini müdirliginiň çärelerine gatnaşar

18:3228.05.2023
0
30421

Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Hojagulyýew Russiýa Federasiýasynyň musulmanlarynyň Merkezi dini müdirliginiň çärelerine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi we Müdirligiň 235 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin çakylygy kabul etdi.

bashinform.ru habar gullugynyň ýazmagyna görä, Ý.Hojagulyýew muny Türkmenistanyň we Russiýanyň musulmanlarynyň din ýolbaşçylarynyň bilelikdäki sammitinde aýtdy.

«Bu duşuşyk biziň hyzmatdaşlygymyzyň we tejribe alyşmagymyzyň başlangyjy bolar diýip umyt edýärin» diýip, Ýalkap Hojagulyýew belledi.

Belläp geçsek, bu sammitde Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk we özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Onlaýn ýagdaýda geçirilen çäre Russiýa Federasiýasynyň musulmanlarynyň Merkezi dini müdirligi bilen Türkmenistanyň Müftüliginiň arasynda ylalaşyk esasynda guraldy.

Oňa Russiýanyň Ýokary müftüsi — Russiýa Federasiýasynyň musulmanlarynyň Merkezi dini müdirliginiň başlygy Talgat Täjuddin, Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Hojagulyýew, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Russiýa Federasiýasynyň musulmanlarynyň Merkezi dini müdirliginiň we Türkmenistanyň Müftüliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn sammitde Russiýanyň Ýokary müftüsi Talgat Täjuddin Türkmenistanyň Müftüliginiň wekillerini 2023-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilýän Russiýa Federasiýasynyň musulmanlarynyň Merkezi dini müdirliginiň döredilmeginiň 235 ýyllygyna çagyrdy.

Muňa jogap edip, Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Hohagulyýew Russiýanyň musulmanlary bilen gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, sammitiň Russiýa bilen Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna umyt bildirdi.

Müftüleriň ikitaraplaýyn sammitinde oňa gatnaşyjylar 2023-2024-nji ýyllar üçin Russiýa Federasiýasynyň musulmanlarynyň Merkezi dini müdirligi bilen Türkmenistanyň Müftüliginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ikitaraplaýyn aragatnaşyk toparyny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem onda Türkmenistanyň müftüliginiň Ýewraziýa Yslam bilimini ösdürmegi goldamak assosiýasyna synçy hökmünde gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň