Soňky habarlar

Arhiw

Mourinýo garaşýan klubyndan çakylyk gelse, «Roma» bilen hoşlaşmaga taýýar

19:3026.05.2023
0
21907

«Romanyň» baş tälimçisi Žoze Mourinýo iki möwsümiň aralygynda Rim klubyny terk etmekçi.

L’Équipe neşiriniň habaryna görä, portugaliýaly tälimçi PSŽ-den telklibe garaşýar. Pariž klubynyň hojaýyny Nasyr Al-Helaýfi we sport direktory Luiş Kampuş geljek tomusda baş tälimçi Kristof Galtýe bilen hoşlaşmagy meýilleşdirýärler. Habarlara görä, ol Mourinýo bilen gyzyklanýarlar. Portugaliýaly tälimçi bu habarlardan soň Fransiýanyň klubyndan çakylyga garaşyp başlady.

Ýöne öňräk geçirilen metbugat maslahatynda ol PSŽ-den hiç kimiň özüne teklip bilen çykmandygyny aýdypdy.

Geçen ýyl «Roma» bilen Konferensiýalar ligasynda ýeňiş gazanan Mourinýonyň bu möwsümde Ýewropa ligasynyň finalyna çykandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň