Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: 8-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

16:1225.05.2023
0
28347

― 8-nji tapgyrdan soň möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 45-e çykdy. Bu tapgyrda sanawa Guwanç Abylow, Abdy Bäşimow, Şanazar Tirkişow we Hojanazar Gurbanow goşuldy.

― Tapgyrda derwezelere 10 gol geçirildi.

― Möwsümde geçirilen gollaryň sany 85-e çykdy.

«Köpetdag» – «Nebitçi» – 1:0

Gol: 76 Baýramgeldi Gulmaýew.

“Merw” – “Energetik” – 0:1

Gol: 90+3 Arslan Ýusupow.

“Altyn Asyr” – “Arkadag” – 1:2

Gollar: 18 Azat Annaýew – 47 Abdy Bäşimow, 90+3 Şanazar Tirkişow.

Duýduryşlar: 90+2 Döwletmuhammet Jallatow, Hoşgeldi Hojowow, oýundan soň (“Altyn Asyr”) – 14 Begenç Akmämmedow, 38 Abdy Bäşimow, 77 Yhlas Saparmämmedow, 90+3 Ybraýym Mämmedow.

― «Altyn asyr» möwsümde birinji gezek utuldy. Indi çempionatyň şu möwsüminde utulyp görmedik diňe «Arkadag» futbol topary galdy.

― «Arkadag» şu möwsümde 20 utuklyk sepgide ýeten ilkinji topar boldy. Bu sepgide indi iň ýakyn toparlar bolan «Altyn asyr» bilen «Köpetdagda» 14 utuk bar.

― «Arkadagyň» hüjümçisi Didar Durdyýewiň 10 duşuşyk dowam eden golly tapgyry tapdyry. Bu duşuşyklaryň altysy Ýokary ligada, dördüsi Türkmenistanyň kubogynda geçirildi. Didar bu duşuşyklarda 15 gol geçiripdi.

― «Altyn asyryň» Ýokary ligada dört duşuşyklyk ýeňişli, alty duşuşyklyk ýeňilmezlik tapgyry tamamlandy.

“Şagadam” – “Aşgabat” – 3:2

Gollar: 30 Baýram Ataýew, 60, 67 Guwanç Abylow – 44 (11 m.j.u.) Söhbet Allanurow, 87 Hojanazar Gurbanow.

Duýduryşlar: 44 Baýramgeldi Nurlyýew, 72 Baýram Ataýew (“Şagadam”) – 74 Möwlamberdi Goşşanow (“Aşgabat”)

― Möwsümde ikinji gezek tapawutlanan Söhbet Allanurow bu gollaryň ikisini hem 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

― Hojanazar Gurbanow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi. Ol çempionatda 2012-nji ýyldan bäri tapawutlanan 333-nji futbolçy boldy.

― «Aşgabat» topary şu ýyl myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda ilkinji gezek utuldy.

― Hojanazar Gurbanow 2013-nji ýyldan bäri «Aşgabadyň» düzüminde Ýokary ligada tapawutlanan 70-nji futbolçy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň