Ýewropa ligasynyň final duşuşygy «Sewilýa» bilen «Romanyň» arasynda geçiriler

10:0019.05.2023
0
19847

Ýewropa ligasynyň final duşuşygy Ispaniýanyň «Sewilýa» we Italiýanyň «Roma» futbol toparlarynyň arasynda geçiriler. Ýarym finalyň jogap duşuşyklary penşenbe gijesinde geçirildi.

«Sewilýa» öz meýdanyndaky duşuşygyň goşmaça wagtynda «Ýuwentusy» 2:1 hasabynda ýeňdi. «Roma» bolsa myhmançylykda «Baýer» bilen 0:0 hasabynda deňme-de oýnady. Rim şäherinde geçirilen ilkinji duşuşykda «Roma» 1:0 hasabynda ýeňipdi.

Final 31-nji maý güni Budapeşt şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň