Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäre geçirildi

09:3016.05.2023
0
19014

Eýran Yslam Respublikasynyň abraýly we gadymy uniwersitetleriniň biri bolan Tähran uniwersitetinde Medeniýet we yslam gollanmasy ministrliginiň ýardam bermeginde, Medeniýet we poeziýa birleşmesiniň hem-de EYR-yň Prezidentiniň parlament meseleleri boýunça diwanynyň hyzmatdaşlygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Agzalan çäräniň işine EYR-yň Prezidentiniň Parlament meseleleri boýunça orunbasary Mohammad Hoseýni, ozalky daşary işler ministri Manuçehr Mottaki, Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň ozalky häkimi Mahmud Ahmadi Bigaş, musulman jemgyýetiniň wekilleri-ymamlar, şeýle hem hormatly il ýaşulylary, türkmen diasporasynyň XIX asyryň beýik şahyrynyň döredijilik mirasyny öwrenmek bilen meşgullanýan wekilleridir alymlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Çäräniň dowamynda öz çykyşlary bilen bilermenler jemgyýetiniň, şeýle hem syýasy-diplomatik toparlaryň wekilleri çykyş etdiler.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekiliniň çykyşynda şeýle medeni çäreleriň geçirilmeginiň iki ýurduň gatnaşyklarynyň berkidilmegi üçin wajyplygyny bellemek bilen, türkmen edebiýatynyň we türkmen halkynyň aňynda Magtymguly Pyragynyň aýratyn milli ägirt orny barada aýdyp geçdi.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň durmuşy we döredijiligi hakynda alymlardyr ýörite çagyrylan myhmanlaryň çykyşlaryndan soňra, türkmen diasporasy tarapyndan konsert çäreleri geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň