Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde 10-njy maýda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Balkan welaýatynyň häkimliginiň bilelikde guramaklarynda ýurduň ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän agzalary, ylym we bilim işgärleri, halypa ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaş alymlar işjeň gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar ir säher bilen Balkan welaýat häkimliginiň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň guramagynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler. Soňra akyldar şahyryň muzeýiň öňündäki heýkeline gül çemenlerini goýup, söz ussadynyň ruhuna tagzym etdiler.
Bu ýerde ýurduň ýaş nesilleriniň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde ýakynda yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşige gatnaşýan çagalaryň çekip duran suratlary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Çärä gatnaşýan ýaşlar soňra Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, ol ýerdäki gymmatlyklar, şol sanda ýaş senetkärleriň döreden işleri bilen tanyşdylar.
«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş edenler çuň manyly pikirleri bilen türkmen halkynyň berkarar döwletini islän Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň häzirki ajaýyp döwürde sözüň doly manysynda amala aşandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldaryň sarpasy has-da belende galdy.
Ylmy-amaly maslahat «Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde akyldar şahyryň edebi keşbi», «Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde» hem-de «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly bölümçelerde hem öz işini dowam etdi.
Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanynyň baş saglygyna, şeýle-de Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň hormatyna toý sadakasy berildi.