Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda täze halkara awtobus gatnawlary ýola goýlar

12:0314.05.2024
0
9734
Özbegistanda täze halkara awtobus gatnawlary ýola goýlar
Surat: daryo.uz

Özbegistan şu ýylyň ahyryna çenli halkara awtobus gatnawlarynyň täze 10 ugruny işe goýbermekçi diýip, ýurduň Ulag ministrligine salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi. Täze gatnawlar ýurduň sebitleriniň merkezleri we ýakyn daşary ýurtlaryň, ýagny Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Russiýanyň şäherleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Täze gatnaw ugurlary Özbegistanyň paýtagty bilen Bişkek, Ufa, Krasnodar şäherleriniň arasynda ýola goýlar. Şeýle-de Samarkant, Buhara, Şährisabz şäherleri bilen Bişkek, Türküstan, Duşanbe şäherleriniň arasynda awtobus gatnawlary işe goýberiler.

Häzirki wagtda Özbegistanyň şäherleri bilen GDA agza ýurtlaryň arasynda 37 halkara awtobus gatnawlarynyň hereket edýändigi aýdylýar. Olar boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 173 müň ýolagçy gatnadyldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15 göterim köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň