Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň futbol kubogyndaky duşuşyk 16:0 hasabynda tamamlandy. Bir goly türkmenistanly futbolçy geçirdi

23:5511.05.2023
0
43030

Futbol boýunça Gyrgyzystanyň kubogynyň 1/8 finalynda «Abdyş-Ata» «Anadolu» futbol toparyny 16:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Kant şäherindäki «Nitro Arena» stadionynda geçirildi.

Mirbek Ahmataliýew (13,15, 42) bilen Ilýa Kojuharyň (25,78,99) het-trik eden duşuşygynda Biýmyrza Jenişbekow (51,54), Arlen Şarşanbekow (67, 86) we Sergeý Skanýan (32,65) iki Farhat Musabekow (28), Argen Jumataýew (50), Kristian Brauzman (70) we türkmenistanly futbolçy Teýmur Çaryýew (82) dagylar bir goldan geçirdiler.

Şeýlelikde, «Abdyş-Ata» ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy.

Teýmur Çaryýewiň gyrgyz toparyna Marynyň «Energetiginden» şu ýylyň martynda geçendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň