«Ak Gaýa» dükany dürli ugurlar boýunça işleýän hünärmenler üçin hünär gurallarynyň haryt görnüşlerini hödürleýär. Söwda nokadynda «Emtop», «INGCO», «Yato», «Total» hem-de «Ronix» ýaly dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň köpdürli görnüşli enjamlary we gurallary alyjylara ýetirilýär.
Dükanyň assortimentinde metal işlemek, agaç ussaçylygy, gurnama we gurluşyk işleri üçin zerur bolan ähli zatlar bar. Bu ýerden dreller, şrup towlaýjylar, perforatorlar, ýylmaýjy enjamlar, kompressorlar hem-de boýag pürküji enjamlar ýaly elektrik gurallaryň islendik görnüşlerini tapmak bolýar. Metaly gaýtadan işlemek, agaç işläp bejermek we plastik serişdeler bilen işlemek boýunça iş alyp barýan hünärmenler üçin dürli hili byçgylar, pyçaklar, kebşirleýji enjamlar hem-de motopomplar elýeterlidir.
«Ak Gaýada» el iş gurallarynyň saýlawy hem köpdürli. Bu ýerde atagzylar, kesiji atagzylar, dürli hili açarlar, otwýortkalar, çekiçler, şeýle hem sarp edilýän materiallar — buraw çüýleri, otwýortkalaryň uçlary, samorez nurbatlary hem bar. Müşderilere amatly bolar ýaly, dükanda ykjam toplumlardan başlap, ýüzden gowrak düzüm böleklerini öz içine alýan hünär keýslerine çenli gural toplumlarynyň giň haryt görnüşleri hödürlenen.
Öýleri abatlamak, gurluşyk ýa-da ussaçylyk hyzmatlary... tapawudy ýok, «Ak Gaýa» bu ugurlarda islendik görnüşli işleri ýerine ýetirmek üçin gerek bolan enjamlaryň hem düzüm bölekleriniň hemmesini özünde jemleýär.
Dükan şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnaýa), 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy. Dükan her gün sagat 8:00-dan 21:00-a çenli işleýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
59 57 57
55 54 10
(+993 64) 66 44 88
Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň:
Fotoreportaž: Ak Gaýa dükany: amatly bahalardan gurluşyk harytlary