Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň bijeleri çekiler

12:1110.05.2023
0
34719

11-nji maýda AFK futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň bije çekişlik dabarasyny geçirer. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 16-da başlanar.

Bije çekişlik AFK-nyň YouTube kanaly arkaly göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

Kataryň Doha şäherinde geçiriljek bije çekişligiň netijesinde yklym ýaryşyna gatnaşýan 24 ýygyndy garşydaşlaryny biler. 18-nji yklym çempionatynyň 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwary ― 10-njy fewraly aralygynda Katarda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Bije çekişlige 24 milli ýygyndy 4 torbadan gatnaşar.

Birinji torba: Katar (ýer eýesi), Ýaponiýa, Eýran, Koreýa Respublikasy, Awstraliýa, Saud Arabystany.

Ikinji torba: Yrak, BAE, Oman, Özbegistan, Hytaý, Iordaniýa.

Üçünji torba: Bahreýn, Siriýa, Palestina, Wýetnam, Gyrgyzystan, Liwan.

Dördünji torba: Hindistan, Täjigistan, Tailand, Malaýziýa, Gonkong, Indoneziýa.

Kataryň ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň häzirki eýesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň