Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy

23:0015.08.2015
0
1745
Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji awgustda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.

Onuň esasy maksady Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary hem-de innowasiýa senagatyny ösdürmekden, ýaş işgärleriň — hünärmenleriň we alymlaryň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmekden, ýaşlary ylym-bilim ulgamynyň işine we ýokary tehnologiýalary özleşdirmäge işjeň gatnaşmaga çekmekden, ýurduň intellektual mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdyr. Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli çäreleri bellemek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanynyň Karary bilen Türkmenistanda intellektual eýeçiligi ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy tassyklanyldy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň