Top.Mail.Ru

Arkadag hem-de Aşgabat şäherleriniň arasynda tiz otlulary işe girizmek teklip edildi

01:2804.05.2023
0
39090

«RŽD» açyk paýdarlar jemgyýeti Türkmenistana Arkadag — Aşgabat ýolunda sagatda 140 km tizlikli sebit ýolagçy otlusynyň taslamasyny teklip etdi. Muny halkara ulag-üstaşyr forumyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen «RŽD» AGPJ baş direktorynyň birinji orunbasary Sergeý Pawlow habar berdi.

Pawlowyň bellemegine görä, häzirki wagtda «RŽD» bilen türkmen kärdeşleriniň arasynda synag taslamasy hökmünde Gyzylarbatdaky wagon abatlaýyş zawodyny bilelikde döwrebaplaşdyrmak işi meýilleşdirilýär. Munuň özi bu kärhananyň kuwwatyny birnäçe esse ýokarlandyrmaga we wagonlaryň saklanylyşyny hem-de ýük daşamalarynyň häzirki zaman derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, Russiýa Türkmenistana elektrikleşdirmek hem-de sebit ýolagçy demir ýol gatnawyny ösdürmek boýunça birnäçe taslamalary teklip edýär.

Takmynan, 70 müň adam ýaşajak Arkadag şäheri Aşgabadyň 30 km günorta-günbatarynda 950 gektar meýdanda gurulýar. Bu ýerde smartfon arkaly dolandyryp bolýan «akylly» ýaşaýyş jaýlary, baýdakly meýdança, häkimligiň we beýleki edaralaryň binalary, şeýle hem Ruhyýet köşgi, welaýat bilim we medeniýet bölümleri, drama teatry, kitaphana, hassahana arkaly, muzeý, atçylyk boýunça ýokary halkara mekdebi, ylmy we önümçilik atçylyk merkezi we başgalar guruldy. Bu iri taslamanyň gurluşygynyň başy 2019-njy ýylda başlanypdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň