Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ulag ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady

14:2203.05.2023
0
37464

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň guramagynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat öz işine başlady.

Halkara maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi, şeýle hem «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizýollary», «Türkmenaragatnaşyk», «Demirýollary» agentlikleri, «Türkmenhowaýollary», «Deňiz söwda floty», «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody», «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri tarapyndan «Türkmen forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Ozal habar berişimiz ýaly, bu halkara foruma gatnaşmak üçin 700-den gowrak adam hasaba alyndy. Olardan 100 töweregi çärä onlaýn görnüşde gatnaşýar.

Halkara forumda «Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika pudagyny dikeltmek: täze kynçylyklar we mümkinçilikler», «Ulag we aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak we onuň geljegine göz aýlamak», «Durnukly ulag ulgamynyň daşky gurşaw talaplary. «Ýaşyl» infrastrukturany ösdürmekde döwlet we hususy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti», «Ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylym-bilimiň orny» ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Çäräniň barşynda guralan sergi foruma gatnaşýan kompaniýalar üçin özara pikir we tejribe alyşmak, şeýle-de halkara ulag infrastrukturasynyň ösmegine goşant goşýan täze tehnologiýalary we önümleri, döwrebap hyzmatlaryny hödürlemek babatda ajaýyp mümkinçilik boldy. Olaryň hatarynda «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargo Lux» halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleri bar.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat ertir — 4-nji maýda hem öz işini dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň