Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan GDA-nyň Synçylar toparynyň düzüminde Daşkentdäki metbugat maslahatyna gatnaşdy

13:1502.05.2023
0
30464
Türkmenistan GDA-nyň Synçylar toparynyň düzüminde Daşkentdäki metbugat maslahatyna gatnaşdy
Surat:uzdaily.uz

Daşkent şäherinde Özbegistanyň «Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda» Konstitusion Kanunynyň taslamasy boýunça geçirilen referenduma GDA-nyň Synçylar toparynyň gözegçiliginiň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahatyna Synçylar toparynyň başlygy bilen GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy diýip, «UzDaily» habarlar agentligi habar berýär.

Synçylar topary bu referendum kampaniýasyna 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde gözegçilik edip başlady.

Toparyň düzüminde Türkmenistana, Azerbaýjana, Ermenistana, Belarusa, Gazagystana, Gyrgyzystana, Russiýa, Täjigistana, Belarusyň we Russiýanyň Parlament Ýygnagy Bileleşigine, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän 95 synçy akkreditasiýa edildi diýlip, GDA-dan Synçylar toparynyň Baş edarasy tarapyndan habar berildi.

Bularyň ählisi synçylyk tejribesi bolan hünärmenler diýlip, habarda nygtalýar. Olaryň arasynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň merkezi saýlaw toparlarynyň başlyklary hem-de agzalary, milli parlamentleriň wekilleri, şeýle hem diplomatik korpusyň wekilleri bar.

Arkalaşygyň synçylary 2023-nji ýylyň 19-njy aprelinden 26-njy apreline çenli geçirilen irki ses berişlige gözegçiligi amala aşyrdylar we onuň kanunyň talaplaryna laýyklykda geçirilendigini mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň