Top.Mail.Ru

«Röwşen aýakgaplary» kärhanasy önümlerini «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergide tanyşdyrýar

11:0724.05.2024
0
14675

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemledi. Türkmenistanda aýakgap önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan «Röwşen aýakgaplary» kärhanasy hem bu giň gerimli sergide önümlerini köpçülige tanyşdyrýar.

«Röwşen aýakgaplary» — eýýäm köp ýyllardan bäri müşderileriniň rahatlygyny we stilini nazarda tutup, netijeli iş alyp barýan aýakgap kärhanasydyr. Kärhana çagalar üçin sport aýakgaplaryndan başlap, ulular üçin stilli köwüşler we ädiklere çenli maşgala agzalarynyň ählisine niýetlenen köpdürli görnüşli aýakgaplary hödürleýär.

«Biz diňe bir uzak ýyllaryň dowamynda geýmek üçin amatly bolar ýaly däl-de, eýsem, bütin günüň dowamynda rahatlygy üpjün etjek aýakgaplary öndürmek maksady bilen, önümçiligimizde diňe ýokary hilli materiallary we iň täze tehnologiýalary ulanýarys» diýip, «Röwşen aýakgaplary» kärhanasynyň wekili belleýär.

Şeýle hem sergide 2024-nji ýylyň ýaz we tomus möwsümleri üçin niýetlenen erkek aýakgaplarynyň täze kolleksiýasy bilenem tanyşmak bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň