Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baku şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

09:5924.05.2024
0
9425
Baku şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Baku şäher bilim bölüminiň 1-nji çagalar we ýaşlar ösüş merkezi bilen bilelikde bu merkeziň Şekillendiriş sungaty galereýasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli edebi agşam we sungat sergisi guraldy.

Çärede Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi G.Elýasow, Baku şäheriniň Nesimi etrabynyň häkimliginiň wekili, Azerbaýjanyň Ylym we bilim ministrliginiň garamagyndaky bilim edaralarynyň wekilleri, Azerbaýjan

Respublikasynyň Halk suratkeşi, Azerbaýjanyň Suratkeşler bileleşiginiň «Amaly-haşam sungaty» bölüminiň başlygy, halyçy suratkeş A.Rajabow dagy çykyş etdiler.

Çäreleriň dowamynda «Aýna» teatr toparynyň agzalary aýdym-sazly şahyrana sahbalaryny görkezdiler. Tans toparynyň agzalary dürli tanslary ýerine ýetirdiler. Çykyşlaryň ahyrynda çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň