Eýranyň dikuçar heläkçiliginde gurban bolan Prezidenti Ebrahim Raisiniň jesedi topraga berildi diýip, ýurduň «Tasnim» habarlar gullugy habar berdi.
23-nji maýda ýurduň merhum lideriniň jesedini Maşadyň köçesinden alyp geçdiler, oňa matam tutýan raýatlaryň köp sanlysy ýygnandy.
Syýasatçy Maşatdaky ymam Rezanyň aramgähinde topraga berildi.
Öň birnäçe günüň dowamynda Raisi we heläkçilikde pida bolan ýokary wezipeli adamlar bilen hoşlaşyk matam çäreleri ýurduň Töwriz, Kum, Tähran we Birjend şäherlerinde geçdi.
Maşatda ýurduň döwlet Baştutany bilen hoşlaşmak çäresine üç milliona golaý adam ýygnandy diýip, «MIR 24» ýazýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň plenar ýygnagynda Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň hatyrasyna bir minut dymyşlyk edilendigini TASS habar berdi.