Soňky habarlar

Arhiw

«Sony» ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi

10:0024.05.2024
0
9132

«Sony Global» kompaniýasy resmi YouTube-ýaýlymynda futuristik rolik çap etdi, onda ýapon kompaniýasy golaý geljekdäki dünýäni nähili çaklaýandygyny görkezýär diýip, «Mail.ru» ýazýar.

«Sony» öňdäki 10 ýylda biziň dünýämiziň köp gatly boljakdygyny çaklaýar. Onda hiç hili serhetsiz wirtual we fiziki barlyklar bir-birine galtaşarlar.

Kompaniýanyň hünärmenleri şeýle-de wideoda adaty bolmadyk enjamlary görkezdiler, olar çarçuwasyz we kagyz ýaly inçejik planşet, togalak smartfon we uçýan ekranly oýun konsolydyr. Emma «Sony» özüniň bu görnüşdäki enjamlary heniz öndürmändigini habar berdi,

Öň bu kompaniýa ýanyňda göterilýän serginledijini öndüripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň