Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Portugaliýa halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

10:2723.05.2024
0
12641

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili Pedro Motinýo de Almeýda bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar Türkmenistanyň we Portugaliýanyň köptaraplaýyn mehanizmler arkaly ählumumy meseleleri çözmekde umumy çemeleşmä eýedigini belläp, halkara giňişlikde ynanyşmagy pugtalandyrmakda tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdiler. Abraýly halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk taraplaryň köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny şaýatlyk edýär.

Duşuşykda bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň