Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystana amala aşyran sapary bilen bagly hoşallyk bildirdi

07:0423.05.2024
0
9299

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň başlygy Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa RF-niň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran sapary we «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň her ýylky mejlisine gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi. Rustam Minnihanowyň hoşallyk haty «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi:

«Iberen hatyňyz we geçirilen çärelere beren ýokary bahaňyz üçin sagbolsun aýdýaryn.

Bu forum ýurdumyzyň hem-de yslam dünýäsiniň döwletleriniň özara ykdysady hyzmatdaşlyk etmegi üçin esasy meýdança bolup durýar. Ol Russiýa Federasiýasy bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady, ylmy-tehnologik, durmuş-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Doganlyk Türkmenistanyň ýokary wekiliýetini kabul etmek biziň üçin uly hormat boldy. «Kazan EKSPO» halkara sergiler merkezindäki sergide ýurduňyzyň milli diwarlygynyň guralandygy üçin Size hoşallygymy beýan edýärin.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size köp sanly ýurtlardan syýasatçylaryň, alymlaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň we dini ýolbaşçylaryň gatnaşmaklarynda «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň her ýylda geçirilýän mejlisine esasy hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyňyz üçin aýratyn hoşallygymy bildirýärin! Mejlise gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Siziň çuň mazmunly çykyşyňyzy uly üns bilen diňlediler.

Çykyşyňyz «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň işine, şeýle-de halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde möhüm goşant bolar.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň Tatarystana amala aşyran saparyňyzyň we Kazanda geçirilen gepleşikleriň rus-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna berk ynanýaryn. Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň