Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Professor Hans Maýsnerden Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk haty geldi

09:3018.10.2024
0
13445

Germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsnerden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat geldi. Onda, hususan-da, şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Gadyrly Arkadag!

Watanyma dolanyp gelen badyma Size hoşallyk sözlerini beýan etmegi makul bildim. Soňky günleriň wakalary mende uly täsir galdyrdy.

27 ýyl mundan ozal men ilkinji gezek Siziň myhmansöýer ýurduňyza baryp gördüm we şondan bäri hem biz birek-biregi tanaýarys. Siz diňe bir aýry-aýry adamlaryň däl, tutuş türkmen halkynyň saglygynyň aladasyny edýärsiňiz. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy Siziň başlangyjyňyz bilen işlenip taýýarlanyldy we ol iýmitden başlap, bedenterbiýe maşklaryna çenli ähli ugurlary öz içine alýan möhüm maksatnamadyr. Türkmenistanyň raýatlary bu maksatnamany uly höwes bilen kabul etdiler. Bu işde Siz tutanýerlilik görkezdiňiz we üstünlik gazandyňyz. Men Sizi bu üstünlik bilen gutlaýaryn.

Saglygy goraýyş ulgamynyň döredilmegi degişli lukmançylyk kömegini hem öz içine alýar. Soňky ýyllarda ähli ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen doly üpjün edilen we ýokary hünärli işgärleri bolan hassahanalary gurmak bilen, Siz uly üstünlikleri gazandyňyz. Meniň Türkmenistanda alyp baran işim örän gyzyklydy. Türkmen kärdeşlerim uly ruhubelentlik we zähmetsöýerlik bilen işe girişdiler. Häzirki wagtda olar kardiologiýa, anesteziýa, reanimasiýa ugurlarynda üstünlikli işläp gelýärler hem-de Germaniýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işlerini dowam etdirýärler. Bularyň ählisi Siziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatyňyz netijesinde mümkin boldy.

Aşgabadyň “lukmançylyk şäherçesindäki” iň uly şaýoluna adymy dakmagyňyz meniň üçin uly hormatdyr we men muňa örän buýsanýaryn. Hoşallygymy söz bilen beýan etmek mümkin däl. Şol gün meniň durmuşymda aýratyn ýatdan çykmajak gün boldy. Türkmenistanda ilkinji gezek işe başlan ýerim — Halkara kardiologiýa merkeziniň öňünde guralan dabara, paýtunly gezelenç meniň hakydamda hemişelik galar. Maňa gowşurylan medallar bolsa meniň, şeýle hem maşgalamyň begenjini goşalandyrdy. Maşgalamyz hakynda gyzyklanyp durmagyňyz biziň üçin uly hormatdyr.

Täze Arkadag şäherine gezelenç hem-de ol ýerde geçirilen Wena baly, özboluşly tansly çykyşlar we ýerine ýetirilen aýdym-sazlar mende ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ýurduňyza köp ýyllaryň dowamynda parasatly baştutanlyk edip, Siz bu jogapkärli wezipäni ýaşlara ynandyňyz. Siziň baý tejribäňiz mundan beýläk-de olara ýolgörkeziji bolar. Biz Size tüýs ýürekden uzak ömür we berk jan saglyk arzuw edýäris.

Belent hormat goýmak bilen,

Germaniýaly kardiohirurg,
lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans MAÝSNER we maşgalasy MARGO.

(Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň