Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda çagalaryň we aýallaryň ýagdaýy barada seljerme-barlag işlerine taýýarlyk başlandy

09:4601.05.2023
0
22673

Türkmenistanda çagalaryň we aýallaryň ýagdaýy barada köptoparly seljerme-barlag üçin taýýarlyk işleri başlandy. Bu çäräni guramak boýunça komitetiň düzüminde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Baş prokuroturanyň, şeýle hem Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri bar. Olar eýýäm anketa goşuljak soraglary ara alyp maslahatlaşyp başladylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň habar bermegine görä, seljerme-barlag işleri şu ýylyň noýabr aýynda başlanar we 2022-nji ýyldaky ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijesi boýunça saýlanan 6000-den gowrak maşgalany öz içine alar.

Seljerme işleri Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) bilen bilelikde guramagynda geçiriler. Seljerme-gözleg işleriniň maksady milli maksatlara hem-de çagalaryň we aýallaryň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky halkara borçnamalara gözegçilik etmek üçin maglumat taýdan ygtybarly, halkara derejede deňeşdirip boljak görkezijileri ýygnamakdan ybaratdyr. Bu çäräniň geçirilmegi ýurt üçin enäniň we çaganyň saglygy, çaganyň ösüşi, terbiýesi, bilimi babatda maglumatlary almakda ähmiýetlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň