Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly zenan Florensiýada geçirilýän halkara senetçilik ýarmarkasyna gatnaşýar

16:0027.04.2023
0
44932

Florensiýada MIDA (Italiýa) halkara senetçilik ýarmarkasy açyldy.

Türkmenistandan bu ýarmarka aşgabatly Aýnabat Şarafowa hem gatnaşýar. Onuň işleri «Spadolini Pianino Inferiore A8 (Turkmen Art Studio)» diwarlygynda ýerleşýär. Diwarlykda çeper el işleri, suratlar we milli eşikler görkezilýär.

Ýarmarka Florensiýanyň Fortezza da Basso şäherinde 2023-nji ýylyň 25-nji aprelinden 1-nji maýa çenli dowam eder. Oňa dünýäniň 28 ýurdundan köp sanly senetçilik kärhanalary, dizaýnerler we ýaş senetçiler gatnaşýarlar.

Çäreleriň maksatnamasynda dürli ýurtlardan senetçileriň gatnaşmagynda geçiriljek sergiler, konwensiýalar, göni ýaýlymda alnyp görkezişler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň