Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

21:5722.04.2023
0
52067
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň düzümine saýlanan wekiller bilen geçiren mejlisinde öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle-de halkara parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barlan işler barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany Mejlisiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirendigini we ol mejlisde Halk Maslahatynyň Başlygynyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň döwlet edaralarynyň işiniň esaslaryny kesgitleýän kanunçylygy has-da kämilleşdirip, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşmak boýunça alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmalydygyny, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň netijeli ulgamyny döretmek boýunça işleri dowam etmelidigini, şeýle hem bu işleriň Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ministrler Kabinetiniň sazlaşykly işi esasynda alnyp barylmalydygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kabul edilen kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz wagtynda kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmelidiklerini we ýurtda kabul edilen maksatnamalarda bellenen özgertmeleriň hukuk esasyny döretmegiň, pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmegiň Türkmenistanyň Mejlisiniň ilkinji nobatdaky işleriniň biri bolmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň, öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, ýurduň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmelidigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, olaryň netijeleri, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň