Soňky habarlar

Arhiw

Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda «Napoli» «Milany» kabul eder

14:3918.04.2023
0
14918

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň çäginde «Napoli» bilen «Milanyň» arasynda boljak jogap duşuşygy Neapol şäherindäki «Diego Armando Maradona» stadionynda geçiriler.

Duşuşygyň göni ýaýlymy Aşgabat wagty bilen 23:45-de «Matçh! Futbol 1» teleýaýlynynda başlanar.

Iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 12-nji aprel güni Milan şäherinde geçirilipdi. Duşuşyk Stefano Pioliniň şägirtleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini Ismael Bennaser geçiripdi.

Ýaryşyň 1/8 finalynda «Napoliniň» nemesleriň «Aýntrahtyny» 2:0 we 3:0 hasaplarynda ýeňendigini ýatladýarys. «Milan» bolsa «Tottenhemi» 1:0-luk we 0:0-lyk netijeler bilen geçdi.

Duşuşygyň baş emini polşaly Şimon Marçinýak bolar. Oňa watandaşlary Pawel Sokolniski bilen Tomaş Listkewiç ýardam berer. Duşuşykda ätiýaçdaky emin bolmak Glenn Nýuberge ynanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň