«Coddy» programmirleme mekdebi kompýuter oýunlarynyň 3D işläp düzme tehnologiýalary boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar

11:2217.04.2023
0
30753

«Iş Nokady» kompaniýasy we «Coddy» halkara çagalar programmirleme mekdebi ähli isleg bildirýänleri «Oýunlar üçin 3D modelleri işläp düzmek» temasy boýunça nobatdaky ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.

Kompýuter oýunlary gündelik durmuşyň we güýmenjeleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi, 3D modelirleme tehnologiýalary bolsa häzirki wagtda ähli pudaklarda diýen ýaly – binagärlikde we dizaýnda, senagatda, kinoda, lukmançylykda, mahabatda, marketingde we beýleki ugurlarda peýdalanylýar. 3D modelini işläp düzmek taslamany müşderä amatly hödürlemäge, geljekki obýektiň, hatda ol başlangyç tapgyrda bolsa-da, işleýiş aýratynlyklaryna we daşky görnüşine baha bermäge mümkinçilik berýär.

Ussatlyk sapagynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar 3D oýunlaryny ara alyp maslahatlaşmak, 3D obýektleri öwrenmek we «Lua» programmirleme dilinde skript ýazmakda öz güýçlerini synap görmek teklip ediler.

Ussatlyk sapagy 28-nji aprelde sagat 19:00-da «Berkarar» işewürlik merkeziniň 1-njy gatynda ýerleşýän «Iş Nokady» kompaniýasynyň ofisinde geçiriler.

Girişiň bahasy 50 manat, öňünden şu salgy boýunça ýa-da (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92 telefonlary arkaly bellige alynmak zerurdyr. Orunlaryň sany çäklidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň