«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti halkara ülňülerine laýyklykda maýa goýum taslama hyzmatlaryny hödürlemek boýunça şu aşakda görkezilen lotlar boýunça halkara tender yglan etdi.
- Lot 1 - maliýe taýdan toplumlaýyn barlag;
- Lot 2 – kanuny taýdan toplumlaýyn barlag;
- Lot 3 - maliýeleşdirmegiň predmetine baha bermegi geçirmek.
Ähli gyzyklanma bildirýän guramalar we kompaniýalar öz tekliplerini degişli bildirişiň çap edilen gününden başlap 15 iş gününiň dowamynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ibermelidir.
Tehniki şertleri şu salgydan anyklamak bolýar: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 32-nji jaý, şeýle-de turkmeninvest@sanly.tm elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.
Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 12) 48 19 28; (+993 12 48 19 38).
Belläp geçsek, «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky çykyş edýär.