Top.Mail.Ru

7-nji aprelde welosipedli ýöriş sebäpli Aşgabatda ulaglaryň hereketi wagtlaýyn togtadylar, Türkmenistanyň Prezidenti Minnihanow we Babuşkin bilen duşuşdy, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda içerki transfer möwsümi açyldy we beýleki habarlar

11:0606.04.2023
0
41994

Türkmenistanda

1. 7-nji aprelde Aşgabat köpçülikleýin welosiped ýörişi geçiriler. Bu waka mynasybetli günüň birinji ýarymynda käbir köçelerde ulaglaryň hereketi wagtlaýyn togtadylar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol gözegçilik gullugynyň habar bermegine görä, welosipedli ýöriş Bekrewe köçesi bilen Çandybil şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» monumentiniň gündogaryndan badalga alar hem-de Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň çatrygyndaky halkalaýyn ýoldan Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry boýunça Galkynyş köçesine tarap demirgazyga gider.

2. Prezident Rustam Minnihanow Türkmenistanyň wekiliýetini Tatarystana baryp görmäge we «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum»" forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Çarşenbe güni ol Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy we onuň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdi. Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň bellemegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynyň çäklerinde Tatarsytanyň nebitçileri we maşyn gurluşyk kärhanalary tarapyndan durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň gidişi barada hasabat berdi, ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan işler, esasan hem bilim maksatnamalary barada gürrüň berdi. Şeýle hem Tatarystan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynda – gazhimiýa toplumynda we maglumat tehnologiýalary pudagynda gözlegleri amala aşyrjakdygyny aýtdy.

3. «Hazar – dostluk deňzi» motoýörişiniň çäklerinde Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Türkmenistandaky prawoslaw ybadathanalaryna baryp gördi. Babuşkin Türkmenbaşyda Mihail-Arhangel ybadathanasyna, Aşgabatda bolsa keramatly ata beýik knýaz Aleksandr Newskiniň Aşgabatdaky ybadathanasyna baryp gördi. Düýn Astrahan oblastynyň gubernatory Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçiripdi. Duşuşykda söwda, senagat, bilim, logistika we ulag ulgamlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Igor Babuşkin Türkmenistana saparynyň çäginde Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp gördi.

4. Kazandaky Türkmenistanyň Baş konsullygynyň sosial ulgamdaky sahypasynda «Ene dilim» atly bölüm açyldy. Şeýlelik bilen, konsullyk türkmen dilini gorap saklamak we ösdürmek boýunça ählumumy işlere goşant goşmagy meýilleşdirýär. Bu bölümde dürli türkmen sözlerini taryhy gelip çykyşy, dürs ýazuwy we sözleýişde peýdalanylyşy nukdaýnazaryndan derňemek meýilleşdirilýär.

Dünýäde

5. Gazagystanyň ýolbaşçylary çekirtgelere garşy göreş üçin takmynan 3,8 milliard teňňe bölüp berdiler. Respublikanyň Oba hojalygy ministrligi oba hojalygy üçin iň howply zyýankeşleriň birine garşy göreşmek üçin pestisidleriň ätiýaçlygynyň döredilendigini, şeýle hem ýagdaýa gözegçilik etmek we ekin meýdanlaryny himiki taýdan işläp bejermek meýilnamasynyň düzülendigini habar berdi. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda çekirtge hüjümine garşy göreşmek üçin ýerüsti ulaglar we awiasiýa iberiler. Şu ýylda çekirtgäniň 1,6 million gektar meýdana ýaýramagynyň mümkindigi çaklanylýar.

6. Gonkong 1-nji aprelden iň soňky kowid çäklendirmelerini hem aradan aýyrdy. Ýurda giriş üçin indi PSR ýa-da ekspress synaglar talap edilmeýär. Gonkongyň hökümetiniň saýtynda berilýän maglumatlara görä, girişden soň diňe temperatura barlagy talap edilýär, beýleki çäklendirmeler ýok. 6-njy fewraldan Gonkonga girmek üçin sanjym şahadatnamasyny talap etmek bes edildi, 1-nji martdan bolsa şäher häkimligi örtük düzgünini ýatyrdy.

Sport habarlary

7. Portugaliýada «Eştoril» bilen «Eştrelanyň» arasynda geçirilen futbol duşuşygynda gök-sary reňkli uly ara totuguşy birdenkä meýdana uçdy, bu sebäpli oýny biraz wagt saklamaly boldy. Totuguşy zyňylan penjegiň kömegi bilen seresapja tutjak boldular, emma guş her gezek adamlardan gaçyrdy. Ahyry, ara meýdançadan özi çykdy.

8. Türkmenistanda içerki transferler üçin goşmaça transfer möwsümi 13-nji aprele çenli açyk bolar diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

9. Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow «Bellator» çempionatynyň täzelenen ýarymagyr agram derejesinde öz ornuny ýokarlandyrdy. Türkmenistanly türgen ýedinji orundan altynjy orna çykdy. Ýatlatsak, 10-njy martdan 11-nji marta geçilen gijede Ýagşymyradow «Bellator 292» çempionatynda litwaly Julius Englikasdan üstün çykypdy .

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň